Bütindünýä Syýahatçylyk Geňeşiniň ýaýradan soňky maglumatnamasynda bu pudagyň geljek 10 ýylda 126 million täze iş orunlaryny dörejekdigi bellenilýär.Bu barada Filippinlerde geçirilen Syýahatçylyk maslahatyna çykyş eden “World Travel” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juliýa Simpson mälim etdi.
Paýtagt Manilada geçirilen maslahata bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenlerden ybarat bolan müňden gowrak myhman gatnaşdy.Maglumatnamada bu pudagyň geljek ýyllardaky ösüşiniň 5,8 göterim boljakdygy çaklanylýar. 2022-2032-nji ýyllar aralygynda syýahatçylygyň global ösüşi 2,7 göterim bolar.
Bu görkeziji pul hasaby bilen 14,6 trillion dollara deň bolar. Şeýle hem maglumatda syýahatçylyk pudagynyň geljek ýyldan başlap pandemiýadan ozalky döwürdäki ösüşe gaýdyp gelmegine garaşylýandygy bellenilýär. Üstümizdäki ýylda bolsa, pudagyň ösüşi görnetin ýokarlanyp, 8,4 trillion dollarlyk pul dolanyşygyny emele getirer.
Bu görkeziji 2019-njy ýylda 9,6 trillion dollar bolan eken.
Çemen Saryýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby