Halkara Awiasiýa Bileleşigi (IATA) öňümizdäki tomusda dünýäniň syýahatçylyk pudagyna degişli çaklamalary ýaýratdy.Bileleşigiň maglumatlaryna görä, tomus aýlarynda syýahatsöýüjiler azyndan bir gezek dynç almaga gitmegi meýilleşdirýärler. Şeýlelikde, bu pudagyň ösüşiniň 2019-njy ýyldaky ýagdaýa ýetjekdigi aýdylýar.
Bu bolsa pandemiýanyň täsirini aradan aýyrmaga ýardam eder.Maglumatlara görä, şu ýylyň mart-sentýabr aýlaryndaky belledilen uçar petekleri geçen ýyldakydan 35 göterim ýokary.Bileleşik dünýäniň on bir ýurdunda 4 müň 700 syýahatsöýüji bilen pikir soralyşyk geçiripdir.
Oňa gatnaşanlaryň 79 göterimi tomus aýlarynda haýsydyr bir ýere gezelenje gitmegi meýilleşdirýändiklerini mälim edipdir.Gatnaşyjylaryň 80 göterimi pandemiýa bilen bagly meseleleriň çözülendigini, hiç hili kynçylyksyz syýahat etmäge garaşýandyklaryny aýdypdyr.
Syýahat etmek üçin uçardan ýer belledenleriň sany bolsa, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 134,7 göterim, Ýakyn Gündogarda 42,9 göterim we Ýewropada 39,9 göterim artypdyr. Soňra bolsa, degişlilikde Afrika, Latyn Amerikasy we Demirgazyk Amerika sebitlerinde artyş hasaba alnypdyr.
Bileleşigiň ýokary derejeli wekili Nik Karin şu ýyl syýahatçylyk möwsüminde ýokary netijä garaşylýandygyny aýdyp, köp adamyň pandemiýadan soňky ilkinji syýahatyna çykjakdygyny belledi.
Amantäç Berdimyradowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.