BMG-niň syýahatçylyk boýunça guramasy “UN Tourism”-iň soňky hasabatyna görä, dünýäniň halkara syýahatçylygy koronawirus pandemiýasyndan öňki derejesine gaýdyp gelip, doly diýen ýaly dikeldildi. 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda halkara syýahatçylygy 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 4 göterim yzda.
BMG-niň syýahatçylyk boýunça guramasynyň (UN Tourism) 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda dünýä syýahatçylygynyň ösüşi baradaky täze hasabatynda, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda dünýäde 790 milliondan gowrak syýahatçynyň öz ýurtlaryndan daşary ýurda syýahat edendigi bellenilýär.
Bu 2023-nji ýyldakydan 11 göterim köp we 2019-njy ýyldakydan 4 göterim az.Halkara syýahatçylygynyň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biri hem daşary ýurtlaryň howa ýollarynyň geografiýasynyň giňeldilmegi we wiza talaplarynyň ýönekeýleşdirilmegi boldy.
“Bu netijeler, häzirki dowam edýän ykdysady we geosyýasy töwekgelçiliklere garamazdan, 2024-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň doly dikeldilmegi baradaky öňki çaklamalara laýyk gelýär” diýip, “UN Tourism”-iň hasabatynda bellenilýär. Maglumatlara görä, Ýakyn Gündogar iň uly ösüşi görkezip, makrosebit bolmagyny dowam etdirýär, ýylyň ilkinji ýedi aýynda halkara syýahatçylarynyň gelmegi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26 göterim ýokarlanypdyr.
Afrika 2019-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende, 7 göterim köp syýahatçy kabul etdi. Ýewropa we Amerika giriş akymlaryny degişlilikde, 99 we 97 göterim dikeltdi. Bu proses Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde has haýal bolup, halkara syýahatçylarynyň gelmegi 2019-njy ýylyň ýedi aýy bilen deňeşdirilende, 18 göterim pes.
Umuman alanyňda, dünýädäki 120 ugurdan 67-si 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda halkara syýahatçylarynyň gelmegini 2019-njy ýylyň derejesine çenli dikeltdi. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda iň ýokary görkeziji gazanan ýurtlaryň arasynda Katar (2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende +147 göterim), Albaniýa (+93), Salwador (+81), Saud Arabystany (+73), Moldowa Respublikasy (+50) we Tanzaniýa (+49) bar.
“UN Tourism”-iň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda 63 ýurduň 47-si pandemiýadan öňki halkara syýahatçylyk girdejilerini dikeltdi. Hususan-da, 2024-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda iň gowy netijeleri gazanan ýurtlar Albaniýa (+128) we Serbiýa (+126), bolup, ondan soň Täjigistan (+85), Pakistan (+76), Çernogoriýa (+70), Demirgazyk Makedoniýa (+60) we Portugaliýa (+57) gelýär.
Türkiýe (+55) we Kolumbiýa (+54) hem ýurda gelýän syýahatçylardan gelýän girdejiler taýdan ýokary netijeleri görkezdiler. Bu ýagdaý Saud Arabystanynda (+207) we Salwadorda (+168) bolup, 2019-njy ýylyň birinji çärýegine garanyňda, ep-esli ösüşi görkezýär.
“UN Tourism”-iň hünärmenleri, dünýä syýahatçylygyndaky meseleleriň henizem dowam edýändigine garamazdan, 2024-nji ýylyň oňyn gutarmagyna garaşýarlar. Bu pudagyň ösüşini haýalladýan faktorlaryň arasynda ulag we ýaşaýyş jaýlary üçin ýokary bahalar, işgärleriň ýetmezçiligi we aşa howa hadysalarynyň bardygy bellenildi.