Syýahatçylyk möwsümini açmaga taýýarlanýan Awazada býujet işgärleri arassaçylyk işlerine mejbury çekilýär

Syýahatçylyk möwsümini açmaga taýýarlanýan Awazada býujet işgärleri arassaçylyk işlerine mejbury çekilýär

Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagy tomusky dynç alyş möwsümini açmaga taýýarlanýar. Taýýarlyklaryň çäginde, Balkan welaýatynyň ähli etraplaryndan býujet işgärleri Awaza iberilip, arassaçylyk işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Ähli etraplardan bir müňe golaý býujet işgäri bir hepdelik, ýatymlaýyn Türkmenbaşy şäherine getirildi. Olar deňiz kenaryndaky hapalary, zibilleri, haşal otlary, plýaždaky plasmassa gaplary, çilim galyndylaryny we gamyş otlary arassalamak işlerini mejbury berjaý edýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Awaza syýahatçylyk zolagy her ýylyň iýun aýynyň başynda nobatdaky syýahatçylyk möwsümine açylýar. Munuň bilen bagly, Hazaryň kenarynda ýerleşýän kurort şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň deňiz ýakasynda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär.

Habarçymyz geçen ýyllarda arassaçylyk işlerine çekilýän býujet işgärleri bir hepdelik myhmanhanalara ýerleşdirilen bolsa, bu ýyl olar üçin şäheriň etrapçalarynyň golaýynda ýörite konteýnerlerden ýasalan öýlerde ýatakhanalaryň taýýarlanylandygyny aýdýar.

Býujet işgärleriniň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda konteýnerlerde “ýaşar ýaly däldigini” belleýär.

“Olarda äpişge we gapydan başga zat ýok.Hatda olaryň poluna tagta hem düşelmändir.Adamlar özleriniň ýany bilen getiren keçelerini düşäp ýatýarlar.Günortan howanyň temperaturasy 30 gradusa ýetende, konteýneriň içi peçden tapawutlanmaýar.

Onuň içinde elektrik, suw hem ýok.Býujet işgärleri üçin umumy bir sany suwa düşülýän göçme duşawoý’ ýerleşdirilipdir.Suw günüň dowamynda diňe bir gezek getirilýär” diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, býujet işgärlerine bu işler üçin goşmaça hak tölenmeýär. Olar ýol, naharlanmak ýaly çykdajylary hem öz maddy serişdeleriniň hasabyna çekmeli bolýarlar.

“Geçen ýyllarda bolşy ýaly, býujet işgärleri diňe ýolbaşçylaryň “işden çykarmak” baradaky haýbatlaryna boýun bolup geldiler. Öňki ýyllarda Gyzylarbatdan Türkmenbaşa we bu ýerden hem yzymyza alan biletlerimiziň nusgasyny kadrlar bölümine tabşyryp, bilet puluny alyp bilerdik. Indi şu ýyldan bu ýeňillik hem ýatyryldy” diýip, gyzylarbatly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk bu arassaçylyk işleri, bulara býujet işgärleriniň mejbury çekilmegi we munuň bilen bagly olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, býujet işgärleri Hazaryň türkmen kenarynda deňiz suwunyň ýylyň-ýylyna ençeme metre çenli çekilýändigini, munuň bilen bagly özleriniň hem aladasynyň artýandygyny belleýärler.

“Deňziň kenarynda haşal ot basan ýa-da plasmassa gaplar üýşen meýdanyň göwrümi artýar. Bu ýerlerde zäherli ýylanlar hem köp bolup, olaryň arassaçylyk işlerine çekilen býujet işgärlerine hüjüm etmegi we çakmagy bilen bagly ýagdaý hem bolýar” diýip, býujet işgäri aýtdy.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleri öz wezipe borçlaryndan başga-da, köçeleri syryp-süpürmek, bag nahallaryny ekmek, gowaça meýdanlarynda otag işlerini geçirmek, ýüpek gurçugyna ideg etmek ýaly işlere mejbury çekilýärler.

Bu işlerden boýun gaçyran işgärlere işden çykarylmak howpy abanýar. Ýyllarboýy amal edilýän bu tejribe üçin olara goşmaça hak tölenmeýär.

Býujet işgärleriniň zähmet güýjünden mugt peýdalanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
MHM we IIM edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary 'awlaýarlar'
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy
'Aşgabat' parkynda geçirilen mejbury çärede diňe huşy ýiten talyp gyzlara suw satyn alnyp berildi