Syýahatçylyk Diýarbakyr Ekspressi Taým Žurnalynyň Sanawyna Goşuldy

Syýahatçylyk Diýarbakyr Ekspressi Taým Žurnalynyň Sanawyna Goşuldy

Ministrlikden berilen beýannama görä Syýahatçylyk Diýarbakyr Ekspressi “Taým” žurnalynyň üns çekiji, täze we tolgundyryjy syýahatçylyk destinasiýalaryny özünde jemleýän “2024-nji ýylda Dünýäniň iň ajaýyp 100 ýeri” sanawyna goşuldy.

Žurnalda, ekspress hakynda “Täze bir gezelenç otlusy, ýolagçylary ümmülmez Anadoly sähralaryndan we Türkiýäniň gündogardaky daglaryndan medeniýetiň sallançagy Messopotamiýanyň demirgazyk düzlüklerini alyp gidýär” diýilýän bolsa, sebitiň taryhy we medeni baýlyklary hakynda maglumatlar hem berilýar.

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly syýahaty söýüjiler üçin alternatiw hökmünde hödürlenen Syýahatçylyk Diýarbakyr Ekspresiniň 1051 kilometrlik Ankara-Diýarbakyr ýolunda 180 adam üçin niýetlenen 19-njy aprel bilen 16-njy iýunyň aralygynda guran 8 saparynda 729 ýolagça ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Çuwaş türkçesi
Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym