Syýahatçylardan iki esse salgyt alnar

Wenesiýa geljek ýyldan başlap şähere gelýän syýahatçylardan alýan salgydyny iki esse artdyrar. Şäheriň ýolbaşçylary geçen ýyl synag maksady bilen ýola goýlan “giriş töleginiň” netijeli bolandygy sebäpli, bu düzgüni has giňeltmek kararyna geldiler.

Ilaty 250 müň töweregi bolan suwuň içindäki şäher her ýylda millionlarça myhmany kabul edýär.Geçen ýyl 29 günläp şähere günin girip çykýanlardan töleg alnypdy. Şähere giriş, esasan, dynç ýa-da baýramçylyk günlerinde tölegli edilipdi.

Geljek ýyl bolsa, 18-nji aprelden 27-nji iýul aralygynda hepdäniň soňky üç güni hem-de resmi baýramçylyk günleri şähere giriş tölegli bolar. Şähere girmek üçin bilet telefon arkaly satyn alnar.

Biletiň bahasy soňky dört gün galanda 10 ýewro, has ir alnanda 5 ýewro bolar. Şäheriň myhmanlary has gelim-gidimli ýerlerdäki gözegçilik nokadynda kwadrat kod görnüşindäki bileti degişli işgärlere görkeziler.

Myhmanlaryň biletleri bir-birden däl-de, tötänleýin barlanar.Giriş tölegini tölemediklere hiç hili pul jerimesi salynmaz.Geçen ýyl bolşy ýaly, ýerli ýaşaýjylar, myhmanhanalarda galýan syýahatçylar, talyplar, okuwçylar, we şäherdäki dogan-garyndaşlarynyňka myhmançylyga barýanlar bilet almaly bolmazlar.

Geçen ýyl şeýle düzgün ýola goýlandan sekiz günden soňra üç aýlyk synag möhletindäki girdejiniň alnandygy mälim edilipdi. Synag möhletiniň ahyrynda bolsa, jemi 2,4 million ýewro girdeji alnypdyr.

Şäher syýahatçylaryň aşa köp bolmagyndan ejir çekýär. Şol sebäpli, diňe gury ýerden däl, gämi arkaly gelýänler hem çäklendirilýär. Soňky ýyllarda uly gämileriň şähere has golaý porta barmagy çäklendirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi