Filmlerde ýa-da teleseriallarda görýän we wizual effektler diýip hasaplaýan käbir sahnalar hakykatdan hem tebigatda bar.Ynsanlarda Mümkin däl diýen pikiri döredýän owadan peýzažlar her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär.
Käbirine barmak aňsat, käbirine kyn. Ýöne muňa garamazdan, syýahatçylar ulagly we pyýada ýol geçip, tebigatyň owadan sahnalarynyň janly şaýady bolýarlar.Gazetimiziň şu sanynda dünýädäki haýran galdyryjy peýzažlaryň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Hallerbos tokaýy. Belgiýadaky Hallerbosyň gök öwüsýän tokaýlary ýaz paslynda diňe birnäçe hepde janlanýar we soň ýene ýapraklaryny dökýär. Howa şertine laýyklykda üýtgäp durýan tokaý benewşe, mämişi güllerden düzülen haly bilen örtülýär. Bu tokaý Belgiýa barýan syýahatçylaryň iň köp surata düşýän ýerleriniň biridir.
Noýşwanştaýn galasy. Germaniýadaky Neýşwanşteýn galasy ertekilerde suratlandyrylýan köşk galalaryna meňzeýär. Her ýyl takmynan, 1,5 million syýahatçyny kabul edýän bu gala 1886-njy ýylda açylýar. Bu ýere gelýän myhmanlar özlerini ertekilerdäki ýaly duýýarlar.
Meteora ybadathanasy. Gadymy grek siwilizasiýasyndan galan köp sanly ybadathana we şäher harabalyklarynyň arasynda gaýanyň çür depesindäki Meteora görenleri haýran galdyrýar. Gurluşygy XIV asyrdan XIX asyra çenli dowam eden ybadathana toplumy Gresiýanyň Atos dagynda ýerleşýär. Syýahatçylar birnäçe günläp pyýada ýöränlerinden soň dag depesindäki Meteora barýarlar. Jahankeşdeler grekleriň bu binany näme üçin dagyň depesinde gurandyklary bilen gyzyklanýarlar.
Mermer gowaklary. Iň gadymy adamlaryň ýaşan ýeri hasaplanýan mermer gowaklary Argentina bilen Çiliniň serhedindäki Patagoniýa sebitinde ýerleşýär. Adatdan daşary howa hadysalarynyň mekany bolan mermer gowaklary 6 müň ýyldan gowrak wagtda kalsiý karbonat gaýalarynyň eroziýasy netijesinde emele gelipdir. Bu gowaklara diňe gaýykly baryp bolýar.
Tolkun gaýalary. Arizonanyň demirgazygyndaky tolkun gaýalaryny göresi gelýän syýahatçylaryň sany köp. Her ýyl diňe 20 adama aýlanmaga rugsat berilýän tolkun gaýalary suw bilen çägäniň garyşmagy esasynda emele gelipdir. Birnäçe asyrlaryň dowamynda ýeliň täsiri bilen gylgylt çägäniň ýüzünde egrem-bugram çukurlaryň, gaýalaryň emele gelendigi aýdylýar.
Sankt-Bazil sobory. Dünýäde iň köp surata düşürilýän binalaryň biri hem Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndaky Sankt-Bazil soborydyr. Sankt-Bazil sobory XVI asyryň ortalarynda gurlupdyr. Şuňa meňzeş bina Moskwanyň beýleki ýerlerinde duş gelmeýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolan Sankt-Bazil Moskwanyň nyşany hasaplanýar. Häzirki wagtda muzeýe öwrülen bu bina her ýyl müňlerçe syýahatçy barýar.
Çžanszýaýze seýilgähi. 2009-njy ýyldaky Awatar filminiň wizual effektler topary Çžanszýaýze milli seýilgähiniň owadan gözelliginden ýokarda bir planeta döretdiler.Seýilgähiň esasy sütünlerinden biri bolan Günorta asman sütüni Awatar filminden soň, Awatar-Hallelujah dagy adyny aldy.
Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu seýilgähde 3 müňden gowrak gaýa bolup, olaryň üçden biri 200 metrden beýikdir.Seýilgähdäki aždarha lifti, asman köprüsi we gaýanyň daşyndan aýlanýan pyýada köprüsi beýikligi gowy görýän syýahatçylar üçin iň täsirli başdangeçirmeleriň biridir.
Üç şaglawuk. Islandiýa düzlüklerden ybarat wulkan adalaryndan emele gelipdir. Ýaşyl meýdanlary özünde jemleýän Islandiýanyň günorta bölegi tebigy gurluşy bilen görenleri haýran edýär. Seljalandsfoss, Haifoss we Gullfoss şarlawuklary owadan peýzažy emele getirip, suwuň döredijilik aýratynlygyny görkezýär.