2022-nji ýylda dünýäniň iň myhmansöýer ýerleriniň sanawynda ilkinji gezek Italiýanyň Matera şäheri birinji orny eýeledi. Syýahatçylar üçin iň gowy ugurlaryň sanawy barada “Lenta.ru-nyň” redaksiýasyna gelip gowşan Booking.com metbugat relizinden belli boldy.
Italiýanyň gadymy gowak şäheri Matera ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gaýaly obalary bilen meşhurdyr. Ikinji orunda Sloweniýanyň Bled şäheri, üçünji orunda 2020-nji ýylyň ýeňijisi Taýwanyň Taýdun şäheri ýerleşdi. Sanawa Gresiýanyň Nafplion, Ispaniýanyň Toledo, Braziliýanyň Monti-Werdi, Belgiýanyň Brýugge şäheri, Indoneziýadaky Nusa-Lembongan adasy, Azor adalarynyň Ponta-Delgada we Wýetnamyň Hoýan şäheri hem girdi.
Mundan başga-da, Booking.com alty yklymda ýerleşýän planetanyň iň myhmansöýer sebitlerini aýratynlykda belledi.Munda Taýdun (Taýwan), Tasmaniýa (Awstraliýa) we Täze Şotlandiýa (Kanada) bassyr ikinji ýyl iň gowy sebitler boldular.
Sloweniýadaky Goren sebiti ýeňiji diýlip bellenildi.Bulardan başga-da, sanawda Awstriýanyň Burgenland sebiti, Seýşel adalary, Täze Zelandiýanyň Kenterberi, Argentinanyň Santa-Krus, Kosta-Rikanyň Limon we Ispaniýanyň La-Rioha sebiti hem bar.