Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri

Belentligi 4810 metre ýetýän Monblan dag gerşi iň howply tebigy gözel ýerleriň sanawynda birinji orunda durýar. Ekstremal syýahatçylyk hünärmenleriniň pikiriçe, Monblanyň beýikligi ony syýahatçylyk üçin dünýäniň iň ajaýyp tebigy ýerleriniň birine öwürýär we her ýyl birnäçe alpinistiň ölümine hem sebäp bolýar.

Ikinji orna Şotlandiýanyň iň beýik dagy Ben-Newis, üçünji orna Ýaponiýanyň super wulkany Fuji, dördünji orna Ýeriň iň beýik dagy Ewerest eýe boldy. Bäşinji orny Afrikanyň görnükli stratowulkany – Kilimanjaro eýeleýär.

Dünýädäki iň howply tebigy gözel ýerleriň 10-lugyna şu daglar girýär: Monblan (Italiýa-Fransiýa araçäginde), Ben Newis (Beýik Britaniýa), Fuji (Ýaponiýa), Ewerest (Nepal), Kilimanjaro (Tanzaniýa), Ýosomit milli seýilgähi (ABŞ), Stol dagy (Günorta Afrika), Matterhorn (Şweýsariýa), Grand-Kanýon (ABŞ), Moher gaýalary (Irlandiýa).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler
Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar
Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar
Ewerest dagy ösýär
Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy dünýäniň 14 sany iň beýik dag belentligine çykdy