Syýahat etmek üçin amatly ýerler

“Travel and Leisure” syýahatçylyk portaly 2020-nji ýylda syýahat etmek üçin iň amatly ýerleriň sanawyny taýýarlady.Sanawa 50 syýahatçylyk mekany girizildi.Bu ugurda birinji orun Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherine degişli boldy.

Syýahatçylara bu şäherdäki Menelika köşgüne syýahat etmek teklip edilýär.Ol köp ýyllaryň dowamynda imperatorlaryň köşgi boldy.Perunyň gadymy Arekipa şäheri ikinji orny eýeledi. 2000-nji ýylda bu şäheriň taryhy merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdi.

Bu ýerde syýahatçylara gadymy şäheriň barokko (XVI-XVIII asyrlarda ýaýran çylşyrymly binagärçilik we heýkel stili) binagärçiligi bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredilýär.Demirgazyk Karolina ştatynyň Aşwill şäheri sanawda üçünji orny eýeläp, bu şäher köçe suratkeşleri we aýdymçylary bilen meşhurdyr. Şeýle hem sanawda Awstriýa, Meksikanyň demirgazyk ştaty, Barbados, Gawaýi, Botswana ýaly ýurtlaryň syýahatçylyk mekanlary öz ornuny aldy.

Ýene degişli makalalar

Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri duşuşyk geçirdiler
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar
Magtymguly we matematika ylmy
Ysraýylyň Afrika Bileleşigine Synçy Agzalygyna Reaksiýa Bildirildi
Afrika yklymy täze döwre gadam basýar