Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial mediadan beren habarnamasynda, Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada 2 günde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.
Ministr Soýlu "Şehitlerimiziň gany ýerde galmady. Terror dolulygyna ýok edilýänçä göreşimiz dowam eder” diýdi.
Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada 3 esger şehit bolupdy, 1 oba sakçysy hem ýaralanypdy.