Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär

Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Merkezi Aziýa ýurtlarynda Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda "dostlukly saparlarda" boldy. Synçylar bu saparlaryň sebitde Türkiýäniň täsirine garşylygyň döreýän pursatlaryna gabat gelmegine ünsi çekýärler.

Media maglumatlarynda bu saparlaryň özeninde sebit ýurtlary bilen arada strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de medeni dialogy çuňlaşdyrmagyň durandygy aýdyldy.

Berdimuhamedow 21-22-nji aprelde Gazagystanda, 22-23-nji aprelde Gyrgyzystanda we 23-24-nji aprelde Özbegistanda boldy. Bu saparlar esasan informal häsiýeti bilen tapawutlandy, sapar üçin degişli ýurtlaryň paýtagtlary däl, medeni merkez hasaplanýan iri şäherleri saýlanyp alyndy, şeýle-de saparlaryň dowamynda ýygy-ýygydan sebit halkalarynyň medeni umumylyklary nygtaldy.

'Dostlukly saparlar'Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkistan şäherinde medeni desgalara baryp gördüler, şol sanda türki halklaryň ruhy merkezleriniň biri hasaplanýan Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýini zyýarat etdiler.

Saparyň dowamynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary maslahat edildi.Bu sapar Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň senagat parkynda bu ýurtda öndürilýän awtoulaglaryň ak reňkli görnüşlerini satyn almaga isleg bildirmegi bilen ýatda galdy.

Gazak lideri öz ýurdunyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işlerine gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

Berdimuhamedow Gazagystandan soňra, Gyrgyzystanyň Çolpon-ata şäherinde gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Liderler Yssyk-kölüň kenarynda gezelenç etdiler.

“Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi baglanyşdyrýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi bu sapar barada beren habarynda aýtdy.

Žaparow bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda Gygyz-Türkmen Ösüş gaznasyny döretmegi teklip etdi. Berdimuhamedow ýurtlaryň arasynda bilim, medeniýet, söwda we energetika ýaly pudaklarda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Gyrgyzystandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu duşuşyklarda hem halklaryň arasyndaky umumy taryh, umumy däp-dessur ýaly gymmatlyklar nygtaldy.

Mirziýoýew ýurtlaryň arasynda “dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda” Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren şahsy işlerine minnetdarlyk bildirdi we Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglady.

Türkistan, Çolpon ata we Samarkant şäherlerinde geçirilen duşuşyklar sebit halklarynyň arasyndaky medeni umumylyklaryň aýratyn nygtalmagy bilen tapawutlandy.

'Türk täsirini gowşatmak'Türkmenistanly synçy Serdar Aýtakow Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit ýurtlaryna amala aşyran saparlaryny seljerip, munuň aňyrsynda Türkiýäniň sebitdäki täsirini gowşatmak ugrunda Merkezi Aziýa liderleriniň arasynda umumy tagallanyň göze ilýändigini aýtdy.

“Onuň [Gurbanguly Berdimuhamedowyň] arzuwy transport taslamalarynda türk agalygyndan halas bolmaklyk we onuň roluny diňe formal häsiýete, üstaşyr häsiýete çenli peseltmeklik bolup durýar. ÝB sammitinden soňra, bu pikiri has-da öňe alyp gitmeklik, şol sanda Türkiýäniň syýasy täsirini we oňa garaşlylygy peseltmeklik zerur boldy” diýip, Aýtakow aýtdy.

Synçylar Türkiýäniň hususan-da Türki Döwletler Guramasynyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň türki dilli ýurtlarynda Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda ähli ugurlarda täsir güýjüni giňeltmäge ymtylýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, iri döwletler soňky ýyllarda Merkezi Aziýa bilen arada 5+1 formatynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirip gelýär. ABŞ, ÝB, Russiýa we Hytaý sebit liderleri bilen şeýle formatda birnäçe duşuşyk geçirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri apreliň başlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen Özbegistanyň Samarkant şäherinde sammit geçirdi.

'Ynjalykdan gaçyrýan soraglar we maşgala meselesi'Sammitiň yz ýany kabul edilen Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi Jarnamasy bilen, sebit ýurtlary Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň” ykrar edilmezligine çagyrýan çözgütlerine goldaw beýan etdiler.

Aşgabatly synçy Serdar Aýtakow Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa saparlarynyň bu jarnamanyň yz ýany amala aşyrylmagyna ünsi çekip, sebit ýurtlarynyň dürli ugurlarda onsuz hem türk täsirinden çetde durmaga çalyşýandyklaryna ünsi çekdi.

“Bu ýagdaý Türkiýäniň Owganystandaky hyjuwlary babatynda hem şeýledir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özleriniň bu ýurtda öz syýasy we ykdysady ambisiýalary bar we bu babatda olar Türkiýäniň araçylygyna mätäç däl. Gaýtam, olar Türkiýäniň täsirine böwet bolmaga çalyşýarlar” diýip, Aýtakow aýtdy.

Türkiýe iki ýyl ozal Türki Döwletler Guramasynyň Samarkanda geçen ýygnagynda Demirgazyk Kipriň bu gurama synçy agza bolmagyny erjellik bilen sürdi, şonda sebit ýurtlary, hususan-da Gazagystan we Özbegistan bu teklibe garşy çykypdy.

Synçy şeýle göçümleriň türk täsiriniň sebitde pese gaçmagyna getirýändigini aýdýar.

Aýtakow Türkmenistanyň Ýewropa bilen gatnaşyklarda maksimum subýektiwlige ymtylýandygyny, munuň bolsa Türkiýäniň ähmiýetiniň peseldilmegini talap edýändigini aýdýar. Ol Berdimuhamedowyň şeýle maksatlary durmuşa geçirmek üçin, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen iki ugry yzlaýandygyny aýdýar:

Birinjilik bilen, olar Türkiýäni dünýäde “gaz merkezi” bolmak hyjuwlaryndan dändirip, ony araçy däl, diňe üstaşyr ýurt bolmaga iterýärler.

Ikinjilik bilen, Türkiýäniň sebitde, hususan-da umumy elipbiý, umumy dil, umumy bilim, taryhyň umumy interpretasiýa edilmegi ýaly ýerli elitany ynjalyksyz edýän ugurlarda täsirini gowşatmaga çalyşýarlar diýip, synçy aýdýar.

Onuň ynanjyna görä, sebit liderleriniň ählisi Türkiýäniň şeýle meselelerde Türki Döwletler Guramasy arkaly bu ýurtlara edýän basyşlarynyň çenden aşandygy babatynda birmeňzeş pozisiýany eýeleýärler.

Ýaňy-ýakynda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Demirgazyk Kipr türk respublikasyny ykrar etmezlik babatynda BMG çözgüdine goşulmagy barada özüne žurnalistler tarapyndan berlen soraga “biz maşgala meselelerini köpçüligiň öňünde gürrüň etmeýäris” diýip jogap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň üç ýurduna amala aşyran saparlary sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilýän döwürlerine, şeýle-de Samarkantda geçirilen ÝB Merkezi Aziýa sammitiniň yz ýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýär
Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?