Synagdan geçdi

Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy “Airbus”-yň täze ýük ulagy “Beluga XL”-iň uçuş synagyndan geçendigi mälim edildi.Dünýäniň iň iri ýük uçarlarynyň biri boljak “Beluga XL”-iň şu ýylyň sentýabr ýa-da oktýabr aýlarynda adaty gatnawlaryny amala aşyryp başlamagyna garaşylýar.

Jemi 5 sanysy öndüriljek uçaryň ilkinjisi Fransiýanyň Tuluza şäherinden howalanyp Demirgazyk Uelsdäki Hawarden aeroportuna gondy.Uçaryň daşky görnüşi taýýarlananda, 20 müňden gowrak “Airbus” işgäriniň pikiri soraldy.Taslama görnüşindäki 6 dizaýndan 40 göterim ses bilen “ýylgyrýan kit” saýlanyp alyndy.Täze uçaryň ýük göterijiligi 50,5 tonna barabar bolup, uzynlygy 63,1, beýikligi 18,9 metre barabar.

Aerodinamik netijeliligini artdyrmak maksady bilen uçaryň kabinasy aşak düşürilipdir. Şeýle hem giňligi 8,8 metre ýetirilipdir.Uçara “A 330” uçarlaryndaky ýaly “Rolls-Royce Trent 700” motorlary oturdylypdyr. 1995-nji ýyldan bäri ulanylýan “Beluga” ýük uçarlary häzirki wagtda kompaniýanyň Germaniýadaky we Fransiýadaky önümçilik desgalarynyň arasynda hepdäniň alty güni her günde bäş gatnawy amala aşyrýar. 2021-nji ýylda ulanyşdan galdyryljak uçarlara diňe bir ganat sygýan bolsa, täze “Belugalar” iki ganaty daşap biler.

Ýene degişli makalalar

Has uzak aralyga uçar
Türkmenistan Ýewropada öndürilen ilkinji Airbus...
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Gorky nädip döreýär?