Hytaýyň gaýtadan ulanylýan kosmos gämisi synag uçuşyny tamamlap, bellenilen ýere üstünlikli gondy.Hytaýyň Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmos merkezinden 4-nji sentýabrda älem giňişligine uçurylan kosmos gämisi iki gün orbitada boldy.
Bu kosmos gämisi Çançžen-2F göterijii raketasy arkaly asman giňişligine çykaryldy.Hytaýyň Sinhua habarlar agentligi uçuşyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ylmy-barlag işlerinde uly ösüş gazanylandygyny mälim etdi.Gaýtadan ulanylýan kosmos gämisi boýunça Hytaýyň tehnologiýa synaglarynda bu uçuş möhüm öňegidişlikdir.
Bu bolsa, kosmosy parahatçylykly maksat bilen ulanmagyň has amatly we arzan ýoluny üpjün eder diýlip, agentligiň habarynda bellenilýär.
Hytaý üç ýyl mundan ozal 2020-nji ýylda uçara kybapdaş gaýtadan ulanyljak kosmos gämisini uçurjakdygyny habar beripdi.Gaýtadan ulanylýan kosmos gämisi uçuşdan gaýdyp gelenden soň gaýtadan ulanmak üçin niýetlenendir.
Muňa mysal hökmünde ABŞ-nyň SpaceX kompaniýasyna degişli bolan SpaceX Dragon-y görkezmek bolar. 2010-njy ýylyň dekabrynda ilkinji uçuşyny amala aşyran Dragon orbitadan üstünlikli dolanyp gelipdi.Täjirçilik maksatly gurlan bu kosmos gämisi gaýtadan ulanylýan ilkinji kosmos gämisi bolupdy.