
Synag saparyna çykan Bagamanyň baýdagyny göterýän “Silver Dawn” atly kruiz gämisi Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy portuna geldi.
Porta gelen gämä 3 günüň dowamynda azyk we ýangyç ýüklener.
Portuň Baş müdüri Aziz Güngör, gäminiň jemi 400 tonna ýangyç aljakdygyny aýtdy.
Güngör “212 metr uzynlygyndaky döwrebap kruiz gämisi 2022-nji ýylyň aprel aýynda ilkinji ýolagçy saparyna başlar. Gämi fewral aýynyň 26-y bilen mart aýynyň 1-i aralygynda Kuşadasyna ýene geler. Gäminiň geljekde ýolagçylary bilen birlikde portumyza gelmegine garaşýarys” diýdi.