SYN

SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Abu Aly ibn Sinanyň ömri we döredijiligi atly kitaphana synyny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halk lukmançylygynyň tejribelerini, häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, Ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Jelalletdin Hydyryň we başgada lukmançylykda yz galdyran alymlaryň miraslaryny çuňňur öwrenmäge hem-de giňden peýdalanmaga uly itergi berilýär şeýle hem häzirki wagtda daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde Ibn Sinanyň eserleriniň türk dilinde terjime edilen nusgalary saklanýar diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.

Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, halk lukmançylygymyzy öwrenmäge halk köpçüligine giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag bolmagyny, ilýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri dowam edýär