Şygyrlary kalba ganat, ömre zynat

Düýşde ýa-da huşda, özi-hä göz açyp-ýumasy salymda serde seslenen hyýaly pikirlerde ol keramatly, paýhas eýesi gojanyň kalbyndan dömýän bakylyk suwundan teşneligimi gandyrmaga hyýalymyň hakykat suraty nury didämde janlanyp, ýaşaýşyň pynhan älemi sözleriň düri, göwheri bolup, çakylyk goluny bulady.

Türkmeniň ýaýylyp ýatan giň sährasy asman bilen zeminiň aralygynda özüniň gaýtalanmajak gözelligi, köp dürli öwüşgini bilen şol gojanyň paýhas gorundan, guýmagursak zehininden we kämil ylmyndan ders alýan mysaly.Asyrlaryň gatlaryna kök uran, gadymyýetden ýadygär galan ýaşaýşyň yzlary hakydaňda geçmişiň durmuş ýörelgelerini janlandyrýar.

Ylla diýersiň ho-ol gapdalda läleleriň, aýdymlaryň mylaýym owazyna ses goşýan gelin-gyzlaryň darak kakyp, halydyr palas dokaýyşlary, alaja işip, sünnäläp keşde çekişleri, beýleki bir tarapda Watanyň her daban topragy üçin janyny orta goýup söweşýän gerçekleriň gahrymançylygy, eneleriň sallançagyň bady bilen sepleşýän hüwdüleri, gojalaryň bir-birege sala salyp, ýaşlara berýän öwütleri, dag derelerinde otlaşyp ýören dowar sürüleri, üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Gündogaryň gyzan bazary göz öňüňde janlanýar.

Dünýäniň eşretinden hem ezýetinden, namasyndan hem nalasyndan, barlygyndan hem ýoklugyndan ruhy alyslykda tenha özi Abu Seýit Abul Haýyr Mäne baba ylym ummanynyň çuňlugyna kök salyp, kä öwrenýärdi, käte hem öwredýärdi. Ýaşaýşyň çarhyna ylmyň syry bilen erk edýäne çalymdaş pursatlar ýerli halkyň hiç wagt hakydasyndan öçmese gerek. Şygyrlary bolsa hem kalbyň ylhamlanmagyna, hem kämil ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna itergi berýän ylahydan kemally güýçdür.

Hydyr görmüş owadan ýaýlalaryň, ilerden daglardan gaýdýan jahyl heserli şemalyň, gaýradan ak sähranyň ýüzüni ýelpäp geçen ýumşaksy ýelleriň ýalkymynda pire heserdeş diwanalardyr derwüşler köne derdiň külpetinde nazarlap, Abu Seýit Abul Haýryň täze şygyrlary bilen tanyşýardylar. Şol şygyrlar kalba ganat, ömre zynat.

Olarda zemine sygmajak, ýöne köňülde mekan tutan gyzgyn mähir, düýpsüz umman kimin yşk bar. Şol rubagylarda ylahy söýgi, watançylyk, ynsanperwerlik hakyndaky oýlanmalar, dünýä akyl ýetirmek baradaky pelsepeler köňül kelamyna şan berip, ähli işlerde diňe Haka, halka we hakykata eýermek ündelýär. Şol ündewler türkmen edebiýatynyň paýhas goruny özünde jemleýän nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň süňňüne kök salýar.

Bu yşk aryf, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda şahyrana mazmun bilen geljege ýalkym saçýar:

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,

Jelaleddin Rumy, Jame ul-many,

Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam

diýip, Abu Seýit Abul Haýyr Mäne babanyň söz hem amal keramatyna beýik sarpa goýup, adyny kalbynda ebedilik orun beren Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde gaýybana halypasynyň öňe süren pikirlerini goldap, ondan ruhy joşgun hem ylham alýar. Olar paýhas ummanynyň çuňlugynda sözden heýkel dikip, pikirlerine baky ömri bagyş etdiler. Abu Seýit Abul Haýyr:

Karzymy ýetirgin bol hazynaňdan,

Ýa keremiň joş-da, baýlyga okla

diýýän bolsa, Magtymguly Pyragy:

Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,

Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!

diýen setirlerini miras goýýar.Mysal getirilen setirler iki ägirdiň ruhy ýakynlygynyň anyk delilidir.Olaryň ikisi hem şol bir hazyna eýesine ýüzlenip, bir akabadan ruhy teşneligini gandyryp, edebiýat hem pelsepe äleminde nury hiç wagt egsilmejek paýhasdan parlaklygyny hemra edinen tugy dikdiler.

Ol tug nesillere nusga.Onuň ýazlar kibi ýalkymy adamzadyň kalbynda iň gaýtalanmajak nepis duýgulary oýarýar.Ol zehiniňi taplaýar.Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem örän täsirli beýan edilýär.

Halatly piriň keramaty bilen baglanyşykly çeper-filosofiki teswire eýe bolýan hekaýalaryň örän çuň hem ýiti düşündirilişi hormatly Prezidentimiziň beýik alym, uly pir, weli, arap-pars dillerinde şygyr rubagy ýazan ussat şahyr, ynsanperwerligiň, dostlugyň, halallygyň we agzybirligiň ündewçisi hem waspçysy hökmünde tanalýan, döwürdeş alymlary tarapyndan Halkyň halany we Hakyň aşygy diýen iň ýokary hormatly lakama mynasyp bolan Mäne baba bolan belent sarpasyndan habar berýär.

Milli Liderimiziň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitabynda hem Abu Seýit Abul Haýryň ady hormat bilen ýatlanylýar we onuň Ibn Sina bilen bolan söhbetdeşliginden täsin hem täsirli pursatlara okyjynyň ünsi çekilýär.

Mäne babanyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän alymlaryň pikirine görä, şol duşuşykdan soň, Ibn Sina Abu Seýidiň mertebesiniň örän ýokarydygyny ykrar etmek bilen özüniň iň soňky Yşarat atly filosofiki kitabynda oňa ýörite bir bölümi bagyşlapdyr.

Keramatly piriň türkmen soltanlary Çagry beg bilen Togrul bege döwlet patasyny berendigini eşitmedik türkmen ýok bolsa gerek.Gündogaryň beýik filosoflarynyň kämil şahsyýetleriniň, olaryň geljekki nesillere miras goýan bahasyz pähim-paýhaslarynyň, edebi eserleriniň mysalynda ýaş nesle kämil adam, kämil şahsyýet bolmagyň ýol-ýörelgesi salgy berilýär.

Bu ýol mukaddesdir, röwşendir we ebedidir.

Mährijemal Hapyzowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Täjik edebiýaty
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil
Akyldaryň okan mekdebi