Zenanlaryň arasynda dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek Sinsinati şäherinde geçirilýän Masters turniriniň üçünji aýlawynda amerikaly Medison Kizden asgyn gelip, ýaryşy terk etdi.
1 sagat 25 minut dowam eden duşuşyk 6:3, 6:4 hasaby bilen Medison Kiziň peýdasyna tamamlandy. Oýnyň ikinji döwünde amerikaly tennisçi 5:0 hasabynda öňde barýan mahaly, Swýontege bassyr dört geými sowgat etdi. Emma soňra emele gelen breýk-pointden netijeli peýdalanyp, oýnuň ykbalyny öz haýryna çözmegiň hötdesinden geldi.
Şeýlelikde, ýaryşdaky bassyr üçünji oýnuny hem iki setiň dowamynda öz peýdasyna tamamlap, dördünji aýlawda korta çykmaga hukuk gazandy. Onuň indiki garşydaşy, üçünji aýlawda Elison Riski ýeňlişe sezewar eden, Uimbldonyň şu ýylky ýeňijisi gazagystanly Ýelene Rybakina bolar.
Ýeri gelende bellesek, polşaly Iga Swýontek indi dört ýaryşdan bäri üçünji aýlawdan aňry geçmegi başaranok. Ol soňky gezek Rolan Garrosda üçünji aýlawdan üstünlikli aşmagy başarypdy hem-de şol ýaryşyň çempiony bolupdy.
Maglumat üçin, WTA reýtinginiň kerwenbaşysy şu ýylda ýekelikdäki turnirlerde bassyr ýeňiş gazanmak boýunça 37 oýunlyk netije görkezipdi. Bu ýeňişli seriýa zenanlaryň arasynda XXI asyrdaky iň uzyny, umumylykda bolsa bäşinji görkezijidir.