Şweýsariýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Şweýsariýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler.

Diplomatlar Daşary işler ministrlikleri derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek we döwlatara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady berkitmek esasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmen tarapy iki döwletiň telekeçileriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, işewürler forumlary hem-de söwda-ykdysady maksatly çäreleri gurnamagyň hasabyna söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy we gender deňligi, suw serişdelerini dolandyrylmagy meseleleri boýunça bilelikdäki hereketleri amala aşyrmak babatynda pikir alyşmalar gurnaldy.

Ýene degişli makalalar

Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen bolan duşuşyk
Mähri Bäşimowa Walette şäherinde birnäçe gepleşikleri geçirdi
Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar
ABŞ-nyň FIT International kompaniýasynyň wekili bilen bilelikde geçirilmeli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar