Şweýsariýanyň daşary işler ministrligi ysraýylly aşa sagjy Maliýe ministri Besalel Smotriçiň beýanaty bilen bagly X sosial media platformasyndan beýannama berdi.
"Asuda ilaty bilkastlaýyn ýagdaýda aç goýmak harby jenaýatdyr. Ministr Smotriçiň soňky beýanatlary kabul edilmesizdir" diýilýän beýannamada, Ysraýylyň hökümetine halkara ynsanperwerlik kanunlaryny ýerine ýetirmegi barada çagyryş berildi.
Smotriç "Israel Hayom" atly ýaýlym organy tarapyndan 5-nji awgustda geçirilen konferensiýada, 7-nji oktýabrdan bäri ýurdunyň hüjümleri astynda bolan Gaza zolagyna ynsanperwer kömekleriň girmegine päsgel berilmeginiň gerekdigini beýan edipdi.
Ysraýylyň giň gerimli hüjümleriniň astynda bolan we ynsanperwer kömekleriň girmegine böwet bolmagy sebäpli eýýäm ençeme aý bäri açlyk we gytçylyk çekýän gazalylaryň ählisiniň ölmeginiň “dogry bolup biljekdigini” göz öňünde tutup beýanat beren ysraýylly aşa sagjy Maliýe ministri Besalel Smotriç: "Häzirki global hakykatda urşy dolandyryp bilmeris. Ýesir alynanlar gaýdyp gelýänçä çenli, dogry we ahlakly bolsa-da hiç kim asuda ilatdan 2 million adamyň açlykdan ölmegine ýol bermez" diýipdi.
Aşa sagjy ministr Smotriç Gaza zolagynyň dolulygyna gözegçilik astyna alynmagynyň zerurdygyny öňe sürüpdi.