Şweýsariýa 33 Ýyl Soň Yrakdaky Ilçihanasyny Açdy

Şweýsariýa 33 Ýyl Soň Yrakdaky Ilçihanasyny Açdy

Şweýsariýa 33 ýyl soň Yragyň paýtagty Bagdatdaky ilçihanasyny gaýtadan açdy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Şweýsariýa, 1991-nji ýyldaky Aýlag söweşi sebäpli ýapan wekilhanasyny 33 ýyl soň şu gün Yrakdaky ilçihanasyny gaýtadan açdy” diýildi.

Beýannamada, Federal Geňeşiň, Bagdatdaky ilçihanasyny gaýtadan açmak bilen Yrak bilen edýän iki taraply gatnaşyklaryny güýçlendirmegi maksat edinýändigi ýatladyldy.

Beýannamada, Yragyň soňky birnäçe ýyldan bäri sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýändigi nygtaldy we şu günki günde Awstriýa, Fransiýa, Italiýa we Germaniýa bilen birlikde 50-den gworak ýurduň Bagdatda ilçihanasynyň bardygyna üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye we Yrak suw işleri boýunça hyzmatdaşlygyny giňelderler
Söwda Ministri Ömer Bolat Yrakda Saparda Bolýar
Türki dünýäniň ýatdan çykmajak gahrymanlaryndan biri bolan Yrak türkmenlerinden Neždet Koçak
Eýranyň Prezidentini Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Yraga Guraýar
Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar