Şweýsar kompaniýasy Türkmenistanda geçiriljek iri sport ýaryşlaryny ýaýlyma bermek hukugyna eýe boldy

Şweýsar kompaniýasy Türkmenistanda geçiriljek iri sport ýaryşlaryny ýaýlyma bermek hukugyna eýe boldy

Şweýsariýada ýerleşýän Infront Sports & Media sport marketing kompaniýasy Halkara olimpiýa komitetinden 22 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda ähmiýetli sebitleýin we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny alyp görkezmeklige aýratyn hukuk aldy. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Gürrüň 2026-njy ýylda Milanda geçjek XXV Gyşky Olimpiýa oýunlaryny, 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçjek Olimpiadany, 2030-njy ýylda geçiriljek XXVI Gyşky Olimpiýa oýunlaryny we 2032-nji ýylda Brisbende geçjek XXXV Olimpiadany alyp görkezmek hakynda barýar.

Beýle diýildigi, kompaniýanyň ýaryşlar hakyndaky maglumaty ýaýratmaga bolan aýratyn hukugyň eýesi boljakdygyny aňladýar, bu bolsa bu sport çäreleriniň hemmetaraplaýyn beýan edilmegini we janköýerleriň sanly we tölegsiz telewidenýäniň kömegi bilen olara aňsat elýeterlilik almagyny üpjün eder.

Türkmenistandan başga-da, ýurtlaryň sanawynda Hytaý, Gazagystan, Singapur Malaýziýa, Indoneziýa, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Tailand we beýleki ýurtlar bardyr.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sport ruhunyň ajaýyp mysaly: türkmenistanly ýeňil atletikaçy Pariž Olimpiadasynda ýoldaşyna ýardam berdi
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi harby mekdeplere kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär, RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana geler, we beýleki habarlar
Messi Barselona dolanyp barjak-barmajakdygy barada aýtdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
Kristiano Ronaldo super teklip