Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri Türkiýä sapar gurar

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri Türkiýä sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Şwesiýanyň Premýer ministrlik ofisiniň Döwlet sekretary Oskar Stenstremiň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Ýuka Salowaaranyň ýolbaşçylyk etmeklerindäki Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri paýtagt Ankara şäherine gelerler.

Prezidentiň Metbugat sekretarlygyndan berilen beýanata görä, gepleşikler Prezidentiň kompleksinde Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:00-da başlar.

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň we Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet bilen Şwesiýanyň Premýer ministrlik ofisiniň Döwlet sekretary Oskar Stenstremiň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Ýuka Salowaaranyň ýolbaşçylyk etmeklerindäki Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO guramasyna agzalygy bilen bagly geňeşmeler geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Stenstrýom: "Şwesiýa PKK üçin howpsuz gaçybatalga däl" diýdi
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-da Saparda Bolýar
Hindistanyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasary Türkiýede Saparda Bolýar
Türk nmetbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe-ÝB Siýasy Dialog Maslahaty Ankarada Geçirildi