Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdalena Andersson onuň ýolbaşçylygyndaky çepçiler partiýasynyň Riksdagdaky saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmänden soň, penşenbe güni resmi taýdan wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi. Bu barada şwed habar beriş serişdeleri habar berýär.
Andersson Parlamentiň spikeri Andreas Norlen bilen duşuşdy we oňa kararyny mälim etdi. Şol bir wagtda, Andersson täze hökümet düzülýänçä premýer wezipesini ýerine ýetirmegini dowam eder. Öň, habar berlişi ýaly, Şwesiýada geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça sagçylar partiýasy parlamentde 176 ýer gazandy, çepçiler bolsa, 173 ýer aldy.
Riksdagda jemi 349 ýer bar.Andersson 2021-nji ýyldan bäri Şwesiýanyň Premýer-ministri wezipesini eýeläp gelýärdi.