Şwesiýada täze hökümet: 26 ýaşly ministr bellendi

Şwesiýada täze hökümet düzüldi.Howa we daşky gurşaw ministri hökmünde bellenen 26 ýaşly Romina Purmohtari hökümetiň iň ýaş agzasy boldy.Liberal partiýanyň agzasy Purmohtari Aram hem-de Hristiýan demokrat partiýalary bilen bilelikde täze hökümetiň düzülendigini mälim etdi.

Zenan ministr özüne şeýle wezipäniň berlendigine-de guwanýandygyny aýtdy. Ýaş ministr ýurduň elektrik energiýasynyň 100 göteriminiň gazylyp alynmaýan çeşmelerden üpjün ediljekdigini aýtdy. Şwesiýanyň täze hökümetine Ulf Kristersson ýolbaşçylyk edip, 13 erkek we 11 zenandan ybarat täze kabinany döretdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Hökümet başlygy Parlamenti dagatdy
Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Merkezi Aziýanyň DIM-leriniň başlyklary Ýaponiýada gepleşikleri geçirerler
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Braziliýada saýlaw kampaniýasy başlady