Şwesiýada planşetlerden okuw kitaplaryna dolanylýar diýip, Habar 24 ýazýar. Bu çözgüt sanly tehnologiýalaryň bilim berlişine girizilmegi netijesinde çagalarda okamagyň kynlaşmagy bilen baglydyr. Halkara barlaglara görä, okamak we düşünmek bilen bagly kynçylyklar şwesiýaly mekdep okuwçylarynda soňky bäş ýylda 12 göterimden 19 göterime çenli artypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Şwesiýanyň bilim ministri Lotta Edholm synplarda adaty okuw kitaplaryna gaýdyp gelinmegini teklip etdi.
Netijede, ýurduň hökümeti 2023-nji ýylda bu maksat üçin 58 million ýewro, geljek iki ýylda 44 million ýewro bölüp bermekçi.
Maksat her bir okuwçyny dersler boýunça aýratyn kitap bilen üpjün etmekdir.
Katarina Branelius, başlangyç synp mugallymy: - Men ýazuw üçin planşet ulanmagy maslahat bermeýärin, iň bolmanda okuwçy 10 ýaşaýança. Olara öz ýazuwyny öwrenmek üçin wagt gerek. Çagalar elde ýazanlarynda, okamak endigi hem ösýär.