Şwesiýada los awtosalona girip, gymmatbaha ulaglara zeper ýetirdi

Şwesiýada los awtosalona girip, gymmatbaha ulaglara zeper ýetirdi

Şwesiýada şahly mähmet los awtosalona girip, gymmatbaha ulaglary kül etdi, dükanyň eýesi bu görnüşleri eltelefonyna ýazgy etdi diýip, rbc.ru habar berdi.

Ýagny BMW kysymly awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryna ýöriteleşen Schmiedmann dükänynyň baş direktory Wiktor Ertegren dükana gelende, goh-galmagal eşitdi we onuň sebäpkäri müşderileriň biridir diýip çaklady. Emma girip görse, ol müşderi däl-de, ýabany haýwan ekeni. Dükanyň eýesi haýwandan gorkup, gizlendi-de, ähli bolup geçýän wakany eltelefonyna ýazgy etdi.

Los art aýaklaryna galyp, golaýda abatlanan BMW 850i ulagyna toýnaklary bilen urdy-da, onuň öň tarapyny deşdi. Ol dükanyň işgärleriniň biriniň-de ulagyny haraplamaga ýetişdi. Soňra dükany terk edişine, köp gatnawly gara ýoly kesip, tokaýlyga siňdi.

Wiktor Ertegren haýwanyň ýitiren zyýanyna gynanýar, ýöne öz işgärleriniň ýa-da geçip barýanlaryň tokaý jandaryndan ejir çekmändigine begenýär diýip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
“Milanly” futbolçylara täze BMW ulaglary berildi
BMW elýeterli i1 we i2 elektrokarlaryny çykarmaga taýýarlanýar
BMW kompaniýasy wodorodly hereketlendirijileri öndürip başlady
BMW ýörite gurluşly mehaniki korobkany oýlap tapdy