Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Gurhanyň ýakylmagyny gözýaş bilen böwet bolmaga synanyşan we şol hüjümler sebäpli ýatyp bilmeýändigini aýdan pakistanly Malik Şahza polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alyndy.
Pakistanly Malik Şahza asly yrakly bolan Salman Momikanyň Pakistanyň ilçihanasynyň öňünde Gurhan ýakmagyna nägilelik bildirdi.
Malik Şahza howpsuzlyk barýeriniň arkasyndan Momika ýüzlenip: "Haýyş edýärin Gurhany ýakma, edýän zadyň gowy zat däl, men özümi gowy duýmaýaryn, ýatyp bilemok.Men ýürek operasiýasyny geçiren bir adam.
Näme sebäpli ýakmaga dowam edýärsiň.Sen meniň öýüm hasaplanýan Pakistanyň ilçihanasynyň öňüne çenli gelip, näme üçin Gurhan ýakýarsyň.Men keselli bir adam, ýatyp bilemok, haýyş edýärin muny bes et.
Polisiýa işgärleri näme sebäpli muňa rugsat berýär?" diýip belledi.
Aýdanlaryndan soň polisiýa işgärleri tarapyndan sebitden uzaklaşdyrylan Malik Şahza, gysga wagtlyk göz tussaglygyna alyndy.
Eden hereketinden soň sowutly polisiýa ulaglary bilen uzaklaşan Salman Momika 10-y sowutly ulag bolmak bilen jemi 20 polisiýa ulagy we 100 polisiýa işgäri ýoldaşlyk etdi.