Şwesiýada Gurhan ýakyldy

Şwesiýada Gurhan ýakyldy

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde asly yrakly bolan Salwan Momika atly bir adam Stokgolm metjidiniň öňünde polisiýa gullugynyň işgärleriniň goragy astynda Gurhan ýakdy.

Stokgolm metjidiniň öňünde Polisiýa gullugynyň işgärleriniň goragy astynda Salwan Momika, töwerekdäki adamlaryň reaksiýasyna garamazdan ýere zyňyp üstüne basan Gurhany ýakdy, Yslamy kemsidýän sözler ulandy.

Içeri işler edarasy Gurban baýramynyň ilkinji gününde bolan öjükdiriji hereketde wakalaryň başdan geçirilmezligi üçin Stokgolmdäki ähli polisiýa işgärlerini metjidiň öňüne ýygnady.

Öjükdiriji hereketiň amala aşyrylmagyna reaksiýa bildiren Stokgolm metjidiniň jemgyýetiniň başlygy Mahmut Khalifa, wakanyň ähli musulmanlary gynandyrandygyny beýan etdi.

Şwesiýanyň Tapawutly reňkler partiýasynyň başlygy Mikail Ýüksel hem öjükdiriji hereketi ýazgardy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar
ABBA topary Şwesiýanyň Patyşasyndan rysar ordenini aldy
Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi