Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdalena Andersson, rus hüjümleri sebäpli Ukraina 1 milliard kronlyk ýagny 93 million kömek berjekdiklerini aýtdy.
Magdalena Anderson, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Linde we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen paýtagt Stokgolda duşuşdy.
Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Andersson, Ukraina beriljek kömek hakynda durup geçdi.
Andersson “Biz harby goranyş we ýurduň ýaňadandan dikeldilmegi maksady bilen Ukraina ýene-de 1 milliard kronlyk kömek bermäge taýar. Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri bize çuňňur täsirini ýetirdi. Asuda ilat söweşiň jerimesini töleýär. Söweş sebäpli Russiýany ýazgarýaryn” diýdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba hem söweş dowam edýändigi sebäpli has köp ýarag we kömek soramaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.
Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Zaporyžiýe atom bekedinde ýüze çykyp biljek apatyň dünýä üçin howplydygy barada duýduryş beren Kuleba, “Russiýa bütin dünýäni atom heläkçiligi howpuna sezewar edýär. Russiýanyň atom bekedinden çekilmegi üçin basyş edilmeli” diýdi.
Şwesiýanyň Daşary işler ministri Linde bolsa Ukraina berilýän güýçli goldawyň dowam etjekdigine ünsi çekdi.