Şwesiýada 11-nji sentýabrda geçirilen umumy saýlawlardan soň, hökümedi gurmak wezipesi berilen Orta Konserwatiw partiýanyň lideri Ulf Kristersson, Türkiýe bilen NATO gepleşiklerini ýurduň ozalky Premýer ministri Magdalena Anderssonsyň sekretary Oskar Stenstremyň dowam etjekdigini habar berdi.
Şwesiýanyň Mejlisiniň başlygy Andres Norlen tarapyndan hökümet gurmak wezipesi berilen Ulf Kristersson, Türkiýe bilen geçirilýän NATO bilen bagly gepleşikler barada beýannama berdi.
SWT Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Ulf Kristersson Türkiýe bilen NATO bilen bagly gepleşikleriň giň-gerimli dowam etdirilýändigini mälim etdi.
Gepleşiklere baş maslahatçysy hökmünde ýurduň ozalky Premýer ministri Magdalena Anderssonsyň sekretary Oskar Stenstremyň dowam etjekdigini aýdan Ulf Kristersson: "Şwesiýada saýlawlar geçirilenligi üçin dünýädäki başdan geçirilmeler durmaýar.NATO meselesi saýlawdan ozal hem bolşy ýaly şu gün hem möhüm.
Gepleşikleriň ahyryna çenli NATO meselesi ähmiýetli bolmagynda galmaga dowam eder. Ýurduň ozalky Premýer ministri Magdalena Anderssonsyň sekretary Oskar Stenstreme doly ynanýaryn, şol gepleşiklere liderlik etmek ukybynyň bardygyna ynanýaryn" diýip belledi.
Türkiýe, Şwesiýa we Finlýandiýa tarapyndan NATO Madrid sammitinde 28-nji iýunda Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekilipdi. Memorandumyň çäginde döredilen Hemişelik Umumy mehanizmiň ilkinji maslahaty 26-njy awgustda Finlýandiýanyň Wantaa şäherinde geçirilipdi.