Associated Presse beýannama beren Tobias Billstrem, täze hökümediň Türkiyäniň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen aladalary paýlaşýandygyny belläp: "Mesele PKK bolan mahaly, Şwesiýanyň hökümeti manysyz çemeleşme eýelemez" diýip habar berdi.
Tobias Billstrem: "Terror guramalarynyň Şwesiýanyň topragynda iş alyp barmazlyk hakynyň bolmandygy manysyny berýän syýasatyň dolulygyna arkasyndadyrys" diýip belledi.
Ähli zadyň kanuny we howpsuz ýagdaýda ýerine ýetirilmeginiň gerekdigini aýdan Tobias Billstrem: "Üçtaraplaýyn ylalaşykda ýazylan we üç tarapyň hem üstünde ylalaşyk gazanylan ähli şertler taraplar tarapyndan ýerine ýetirilmelidir" diýip habar berdi.
Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson 20-nji oktýabrda ýurdunyň NATO agzalygy babatynda Türkiyäniň howpsuzlyk aladalaryny ortadan aýyrmak üçin tagallalaryny artdyrjakdyklaryny, şonuň düzgünlerini ýurdunyň NATO agza bolmagyndan soň hem ýerine ýetirjekdigini mälim etdi.
Türkiye, Finlýandiýa we Şwesiýa tarapyndan NATO Madrid sammitinde, 28-nji iýunda Üçtaraplaýyn ylalaşyk resminamasyna gol çekilipdi.