12-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda saparda bolýan Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýylyň sentýabrynda Stokgolmda geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti barada durup geçmek bilen, diplomatlar bu tejribäni dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.
Iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijelidigi bellenildi.Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi.Bu babatda taraplar anyk başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar. /* custom css */ .td_uid_15_675d7579358a8_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675d7579358a8_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }