Şwesiýa kompaniýasynyň Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürmegi

Şwesiýa kompaniýasynyň Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Şwesiýadaky ilçisi: Medisina enjamlary öndürýän Şwesiýa kompaniýasy, Amerikanyň rehimsiz sanksiýalary bahanasy bilen Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürýär diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Şwesiýadaky ilçisi Ahmad Masoumifar duşenbe güni twitde: Eýranyň EB keseline duçar bolan çagalary her gün adam hukuklaryny talap edýänleriň öňünde ejir çekýärler we aradan çykýarlar,bu çagalaryň hukuklarynyň gödek bozulmagy we adamzada garşy jenaýat dälmi? diýip ýazdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite hasabatçysy hanym "Elena Dohan" Eýran Yslam Respublikasyna sapar etmeginden soň 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda geçirilen metbugat ýygnagynda sanksiýalaryň ýaramaz täsiri barada eden çykyşynda Eýrana garşy görülýän çäreler adam hukuklarynyň bozulmagydyr diýip yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi Brýusselde bilim pudagyndaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Alen Delon aradan çykdy
Meşhur fransuz aktýor Alen Delon aradan çykdy
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
PKK-nyň Belgiýadaky meçew beriji hereketlerine türk raýatlar nägilelik bildirdi