
Şwesiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurduň paýtagty Stokgolmda Gurban baýramynyň birinji günü metjidiň öňünde Gurhanyň ýakylmagyny ýazgardy we rassizmiň we daşary ýurtly duşmançylynyň ýurtda ýeriniň ýokdygyny mälim etdi.
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň düýn Gurhana we Hezreti Muhammede garşy hereketleriň indi gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegi meselesinde beren çagyryşyndan soň, Şwesiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, “Şwesiýanyň hökümeti, ýurtdaky ýörişlere gatnaşyjylaryň Yslama garşy çykyşlarynyň, musulmanlar üçin gelşiksiz herekedigine düşünýär. Şwesiýanyň hökümetiniň garaýyşlaryny beýan etmeýän şol aksiýalary berk ýazgarýarys” diýildi.
Beýannamada, Gurhanyň we beýleki mukaddes kitaplaryň ýakylmagy “meçew beriji hereket” hökmünde häsiýetlendirildi.
Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Rassizmiň, daşary ýurtly duşmançylygynyň we hoşniýetsizligiň Şwesiýada we Ýewropada hiç hili ýeri ýok” diýildi.
Beýleki tarapdan, Şwesiýada Gurhanyň ýykylmagyna garşy Britaniýanyň paýtagty Londonda protest ýörişi geçirildi.
Ýörişde, “Azatlygyň hem belli bir çägi bar” diýlen şygarlar aýdyldy.
Saud Arabystany hem Şwesiýanyň Riýatdaky İlçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda asly yrakly Salwan Momika 28-nji iýunda Stokgolm metjidiniň öňünde, howpsuzlyk güýçleriniň gözüniň öňünde Gurhany ýakypdy.
Bu meçew beriji herekete Türkiýäniň başda durmagynda halkara jemgyýetçiligi berk garşylyk görkezipdi.