Şwentek möwsümi jemledi

Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşy, ýylyň iň ökde 8 tennisçisiniň gatnaşýan “WTA Finals” bäsleşigi tamamlandy.Meksikanyň Kankun şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda polşa Iga Şwentek bilen amerikaly Jessika Pegula duşuşdy.

Duşuşykda Şwentek 6:1 we 6:0 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, WTA Finals ýaryşyndaky ilkinji çempionlygyny baýram etdi.Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 17-nji çempionlygy boldy.

Galyberse-de, Şwentek bu ýeňişden soň sanawyň 1-nji basgançagyna galyp, ýylyň iň çür depede tamamlamaga hukuk gazandy.

Şwentek watandaşy Anna Radwanskadan soň (2015) “WTA Finals”-da çempionlyk gazanan 2-nji polşaly zenan tennisçi boldy.

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Finala çykan ilkinji afrikaly
Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi