Şwesiýanyň Karolinskiý institutynyň alymlarynyň aýtmagyna görä, iki gije-gündizläp ukusyny almadyk adam özüni 4,4 ýaş uly duýup biler. Gazeta.ru saýty alymlaryň geçiren bu gözleginiň netijeleriniň Proceedings of the Royal Society B (RSPB) žurnalynda çap edilendigini habar berýär.
Bu ugurda alnyp barlan iki synagyň çäginde alymlar 18 — 70 ýaş aralygyndaky adamlaryň 615-si bilen pikir soraşma geçirdiler. Netijede, adamyň ýekeje gün ukusyny almadyk ýagdaýynda ortaça üç aý garraýandygy mälim edildi.
Ikinji geçirilen synag bolsa iki gije-gündizläp ukusyny çäklendiren (4 sagat) adamlaryň adaty wagt hasabynda, ýagny ortaça 9 sagat ýatyp kadaly ukusyny alýanlara garanyňda 4,4 ýaş garraýandygyny görkezdi.
Gözlegi geçirýänleriň belleýşi ýaly, ýaşynyň ulalýandygyny duýmakdan başga-da, ukusy ýetmeýän adamlar göwnüçökgün, işjeňligi, köpçülik bilen aragatnaşyk saklamaga bolan islegi pes bolýar.