
Olja filminiň režissýory Den Trahtenberg aktýor Arnold Şwarseneggeriň Olja-2 filminde surata düşmeginiň mümkindigini habar berdi diýip, Variety neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Režissýor goja aktýor bilen ýene işleşmek isleginiň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.
Olja filmi 2022-nji ýylda ekrana çykdy, onda wakalar 1987-nji ýylda surata düşürilen meşhur Ýyrtyjy filmindäki wakalardan öň bolup geçýär.
Filmde Şwarsenegger Merkezi Amerikanyň jeňňellerinde adatdan daşary güýçli başga planetaly jandara garşy göreşýär.