Suwuň içindäki taryhy şäher

Sirmione Italiýanyň demirgazyk şäheri bolup, Garda kölüniň aşaky böleginde ýerleşýär.Miladydan öňki VI-V müňýyllyklara degişli bu şäher Italiýanyň taryhy merkezi hasaplanýar.Sirda ýarym adasynyň ujunda ýerleşýän Sirmione baglar, dynç alyş kenarlary, galalar bilen örtülipdir.

Bary-ýogy 33 inedördül kilometr meýdany tutýan bu şäher syýahatçylyk babatda ösen ýerleriň biridir.Garda kölüniň göm-gök suwuna öwşün atýan şäher günorta tarapa uzalyp, uzyn we dar zolagy emele getirýär.

Orta asyrlara degişli Sirmioneniň 10 müň töweregi ilaty bar. Şähere barmak üçin pyýada köprüsinden geçmeli.Sirmione şäherine ulag serişdeleri goýberilmeýär.Girelgedäki awtoduralgada ulagyňy goýup, şähere pyýada gezelenç etmäge rugsat berilýär. Şäherde ilkinji göze ilýän ýer Skaligero galasydyr.

Galadan uzalýan dar köçeler şäheriň demirgazyk çetindäki Ýamaýka kenaryna we gadymy Rim willasyna eltýär. Şäheriň demirgazyk kenary baglar bilen örtülip, owadan görnüşi emele getirýär. Şäheriň gadymy galalaryna gezelenç edip, dar daşly köçelerinde aýlanyp, suwuň içindäki şäheriň owadanlygyny synlap bolýar.

Sirmionede gezelenç etmeli esasy ýerler:

Skaligero galasy. XIV asyra degişli bolan bu gala Italiýanyň iň gadymy galalarynyň biridir.Werona hökümdary tarapyndan gurlan bu galada iň soňky gezek 2018-nji ýylda dikeldiş işleri geçirilýär.

Galanyň diwarlary ýöremek üçin niýetlenen bolup, 146 basgançakly minaralara çykyp şäheriň ajaýyp görnüşini synlap bolýar.Skaligeronyň esasy aýratynlygy gämiler üçin niýetlenen galanyň, ýagny daşyna beýik diwar örülen, üsti açyk portuň bolmagydyr.

Şäher merkezi. Sirmioneniň şäher merkezini dar köçeleriň labirinti emele getirýär. Bu ýerde kafeler, dükanlar we kiçiräk myhmanhanalar bar. Şäher merkezinden geçmek üçin 1 sagat töweregi wagt gerek.

Suwdaky gezelenç. Şäherdäki iň gowy güýmenjeleriň biri şäheri suwuň üstünden synlamakdyr. Esasan hem, agşam çagy guralýan gaýykly gezelençler 1 sagat töweregi dowam edýär. Garda kölüniň çüýşe ýaly dury suwunda gezelenç etmek arkaly şäheriň gözelligini synlap bolýar.

Ýamaýka kenary. Sirmioneniň demirgazyk burnuna Ýamaýka kenary diýilýär. Bu kenar giň we tekiz çäge gaýalaryndan düzülip, agaçlar bilen örtülen gözelligi emele getirýär. Kenarda dynç almak üçin oturgyçlar we stollar bolup, kiçiräk restoranlar hem bar. Bu kenar Italiýa barýan syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridir.

Rim mülki. 2 gektar meýdany eýeleýän bu arheologik ýadygärlige aýlanmak üçin 1 sagada golaý wagt gerek. Ýamaýka kenaryndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Rim willasynda gadymy öýler, üzümçilik meýdanlary we baglar bar.

Ýyly suwly hammamlar. Sirmione ýyly suwly hammamlaryň mekanydyr. Bejeriş aýratynlyklary bolan bu hammamlar sulfata baý ýerasty çeşmeden çogup çykýar. Bu ýerde birnäçe myhmanhana bolup, howuzdyr bug wannalary hem bar.

Ýene degişli makalalar

Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Ýylyň ýeňil atletikaçylary baýragynyň dalaşgärleri
Rekordlar kitabyna girdi
Sportuň taryhynda şu gün 21-nji awgust
Sportuň taryhynda şu gün 20-nji awgust
Sportuň taryhynda şu gün 16-njy awgust