Ýaponiýa 2024-nji ýyldan başlap, deňziň düýbünden seýrek duşýan magdan serişdelerini çykarar.Senagatda ulanylýan magdanyň Ýuwaş ummanyndaky ýurduň Minami-Torisima adasynyň golaýyndan alynjakdygy mälim edildi.Bu elementleriň elektroulag we gibrid ulaglaryň önümçiliginde peýdalanyljakdygy bellenilýär.
Geljek ýyldan başlap, 6 müň metr çuňluga çenli suwasty magdany çykaryp bilýän tehnologiýa işlenip taýýarlanar.Suwasty magdanyň çykaryljak ýerinde akymyň güýçlüdigi, önümçiligiň ýola goýulmagy üçin ýokary tehnologiýanyň zerurdygy mälim edildi. Ýurtda ykdysadyýeti höweslendirmek maksady bilen taýýarlanan maksatnamada jemi 11 sany materialyň önümçiliginiň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Olaryň arasynda suwuň aşagyndan alynjak elementler hem bar.
Bägül Ýegenowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby