Suwüsti ýel bekedi gurlar

“Shell” we “Eneco” energetika kompaniýalary Niderlandlarda deňiz kenaryndan 53 km uzaklykda, önümçilik kuwwaty takmynan 760 MWt bolan “Hollandse Kust VI” atly deňiz ýel fermasyny gurmak boýunça bäsleşikde ýeňiş gazandy. Bu barada bu iki kompaniýanyň bilelikdäki şereketi “Ecowende” habar berýär. Niderlandlaryň Eýmeýden şäheriniň golaýynda guruljak desganyň 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

“Shell” britan kompaniýasy dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda uglewodorod serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek we satmak bilen meşgullanýar. Niderlandlaryň “Eneco” şereketi bolsa, tebigy gaz we elektrik energiýasyny öndürmek bilen meşgullanýar.

Habul Kandymow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
“Toyota”-nyň sürüjisi “Hyundai”-niň sürüjisinden öňe saýlandy
Halkara nebit-gaz forumyny geçirer
Ýaşyl energiýa maýa goýýar
"Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň 95 göterimi tamamlandy
“Shell” elektroulag pudagyna maýa goýýar