Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär

Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär

BMG-nyň her ýyl geçirýän klimat konferensiýasy (COP29) şu gezek Bakuwda geçirilýärkä, Azatlyk Radiosy köplenç ünsden düşürilýän sebitlerde känbir gozgalmaýan daşky gurşaw problemasyna ünsi çekýär.

Deňiz ýakasyndaky suwsuz dynç alyş zolagy.

Awaza Türkmenistanyň ýolbaşçylary we döwlet edaralarynyň işgärleri üçin dynç alyş mekany hökmünde 2007-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda guruldy. Ägirt uly maddy çykdajylar bilen döredilen bu zolak indi Hazar deňzinde suwuň peselmeginiň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Azatlyk Radiosy tomusda aýaly we iki çagasy bilen şol ýere syýahat eden Mergen (ady üýtgedildi-red.) bilen gürleşdi. Maşgalanyň üç ýyldan soň eden ilkinji dynç alyşy lapykeçlik bilen tamamlandy.

“Mundan üç ýyl ozal Awazanyň kenarlarynda suwa düşen ýerlerimiz häzir takyr meýdan bolup, deňziň 25-30 metre çenli çekilendigini görenimizde, aýalym bilen ikimiz gaty geň galdyk” - diýip, Mergen gürrüň berdi.

Awaza, Türkmenistanda onlarça myhmanhanany, akwaparklary we beýleki amatlyklary öz içine alýan ýeke-täk kenarýaka dynç alyş zolagydyr. Awgust aýynda prezident Serdar Berdimuhamedow we beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylar hem bu ýerde dynç aldy. Döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri hem şu ýere dynç almaga ugradylýarlar.

Mergeniň gören zatlarynyň olara hem täsir ýetirip-ýetirmändigi belli däl.

“Onlarça metr ýöräp, deňze gireniňden soňra-da, suwuň çuňlugy dyzyňa çenli ýetýär. Mundan üç ýyl ozal deňze gireniňden 8-10 metr soň, suwuň çuňlugy adamyň boýnunyň deňinde bolýardy” diýip, Mergen gürrüň berdi.

Hazar deňziniň suwy ençeme ýyl bäri yza çekilýär.

Bu, esasan, Russiýadaky gidroelektrik taslamalary we garyň azalmagy sebäpli Ural we Wolga derýalarynyň akymlarynyň azalmagy ýaly sebäpler bilen baglanyşdyrylýar.

Türkmenistan Hazardaky meseläni boýun almaýan ýeke-täk ýurt.

Emma deňziň Awazanyň kenaryndan esli uzaklaşandygy kenar ýakasyndan ýörän islendik adamyň gözüne ilýär. Mergen, maşgalasynyň dynç alyş wagtyny diňe kenarda gezelenç edip geçirendigini, sebäbi suwa düşmek üçin suw derejesiniň örän pes bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy 2024-nji ýylyň iýulynda Awaza baryp gördi. Onuň sözlerine görä, ýerli myhmanhanalar öňki kenar ýakasyndan has uzaklaşan suwa ýakyn ýerden täze suwa düşülýän ýerleri döretmäge synanyşypdyr, emma şonda-da suwda 100 metr uzaklyga ýöränden soň hem suwuň çuňlugy adamyň diňe dyzyna ýetýär.

Türkmenistanyň hökümeti Awazany ösdürmek üçin näçe çykdajy edilendigi barada hiç wagt maglumat bermedi. Emma hökümete ýakyn bir çeşme käbir kaşaň myhmanhanalaryň gurluşygyna 40 milliondan 50 million dollar aralygynda pul sarp edilendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Deňiz suwunyň derejesiniň peselmegi Awazadan 15 km uzaklykda ýerleşýän Türkmenbaşy portuna-da täsir etdi. 2018-nji ýylda uly dabara bilen açylan bu desga Türkmenistanyň iň täze portudyr. Ýöne indi ol örän ýalpak.

"Täze portuň golaýyndaky deňiz düýbüni çuňlaşdyrýarlar. Häzir bu ýerde ýer sorujy nasosly gämiler gazuw işlerini alyp barýarlar" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir hünärmen aýtdy. "Suwuň çekilmegi netijesinde, diňe bir täze portda däl-de, eýse deňiz içindäki, Azerbaýjan ugrundaky deňiz ýollarynda hem gazuw işleri geçirilýär” diýip, bu işlere gatnaşýan deňiz hünärmenleriniň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Resmiler 2018-nji ýylda gurlan Türkmenbaşy portunyň ýylda 17 million tonna ýük we 300 000 ýolagçy geçirmek üçin kuwwatynyň bardygyny aýtdylar. Şondan bäri daşalýan ýüküň mukdary ýa-da ýolagçylaryň sany barada hiç hili san görkezmediler.

Portuň yglan edilen geçirijilik ukyby režim tarapyndan daşarky gatnaşyklardan üzňe saklanýan Türkmenistanyň daşary söwdanyň möhüm ýoluna öwrülmegine mümkinçilik berip bilerdi.

Emma indi gämiler 2 km uzaklykda ýerleşýän köne porta ugradylýar.

"Bu ýere täze portdan iki sany ýük göteriji kran hem getirildi. Aslynda bu deňiz menzili içerki kiçi ýolagçy gämiler üçin ulanylyp gelinýärdi" - diýip, hünärmen aýtdy.

Hazar deňzinde geçiren dynç alyşy Mergeni we onuň aýalyny gelejek hakda oýlanmaga mejbur etdi.

"Meseläniň öňüni almasalar, agtyk-çowluklarymyz nähili Hazary görerler? Deňizden ýüzlerçe, belkem müňlerçe metr uzakda ýerleşýän Awazada dynç alarlarmy? diýen soraglary özaramyzda alşyp, Hazaryň kenaryndan gaýtdyk" diýip, Mergen belledi.

Hazar deňziniň ýagdaýy bu ýerde ýaşaýan janly-jandarlara hem täsir ýetirýär. Soňky birnäçe hepde bäri Hazaryň kenarlarynda, şol sanda türkmen kenarynda düwlenler, balyklar hem guşlar öli tapylýar.

Bütindünýä banky (DB) Hazaryň ýalpaklaşmagynyň negatiw täsirlerini azaltmak üçin sebit ýurtlaryna ýardm bermäge taýýarlyk bildirdi.

DB-niň Günorta Kawkaz sebiti boýunça müdiri Rolande Praýsyň Bakuda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP29) çägindäki diskussiýada duşenbe güni eden çykyşyna görä, Hazar deňziniň suw derejesiniň yzygiderli peselmegi diňe bir daşky gurşaw meselesi bolman, eýsem ykdysadyýeti haýalladýan faktor hem bolup durýar.

Ýaramaz täsirleri sanap geçen Praýs, käbir gämileriň kuwwatynyň diňe 50% -ini ulanyp boljakdygyny, käbir enjamlary we infrastrukturany bolsa, indi ulanyp bolmaýandygyny belledi.

Praýs DB-nyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) hazarýaka ýurtlaryna ýardam bermek üçin täze proýekti işläp düzmegiň ugrunda hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylda makullanjak bu proýekt Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň potensialyny güýçlendirmek arkaly olaryň deňziň hapalanmagyna garşy iş geçirmegine we deňziň biodürlüligini goramagyna gönükdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
ZYŇYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň üstünde işlär
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNYŇ (GGGI) WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI