Hünärmenler häzirki ses we ýylylyk geçirmeýän materiallaryň ornuny tutjak täze membrana oýlap tapdylar.Täze material suwotudan ýasalypdyr.Ses yrgyldylaryny yzyna serpikdirmek üçin ulanylýan häzirki materiallar plastmassadan öndürilýär.
Bu materiallar ulanyşdan galandan soňra gaýtadan işlenmegi kyn bolýar.Hindistanly hünärmenleriň taýýarlan materialy bolsa suwotudan ýasalandygy üçin tebigata hiç hili zeper ýetirmeýär.Hindistanyň Tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň taýýarlan ýuka plastinkasynyň galyňlygy hem-de gözenekleriniň gurluşy adatdakylardan tapawutly.
Täze önümi synag etmek üçin iki mikrofon, bir ses gataldyjy we täze taýýarlanan plastinkany ulandylar.Mikrofonlaryň biri ses gataldyjynyň, beýlekisi plastinkadan yzyna serpigen sesi ýazga geçirdi.Netijede, täze plastinka häzirki wagtda ulanylýan adaty plastinkalar bilen meňzeş netije görkezipdir.
Bilermenler biologik babatda eräp ýok bolup gidýän bu materialy öndürmek üçin nebit-himiýa serişdelerine zerurlygyň ýokdugy sebäpli daşky gurşawyň arassa saklanmagyna goşant goşup biljekdigini aýdýarlar.Hünärmenler bu materialyň oda çydamly bolmagy üçin tagalla edýärler. Şeýle hem bu materialy öndürmek üçin beýleki ösümliklerden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.