Suwda ýaşasa-da ýüzüp bilmeýän jandar

Haýwanat dünýäsi täsinliklere baý bolup, ondaky janly-jandarlaryň käbiriniň özüne mahsus aýratynlyklary bar.Mysal üçin, göräýmäge suwda ýaşaýan jandarlaryň ählisi ýüzüp bilýän ýaly, ýöne muny başarmaýanlaram bar.

Bularyň hatarynda begemoty görkezmek bolar.Begemotyň ýüzüp bilmeýändigine adaty ýagdaýda ynanmak kyn.Sebäbi ol suwda ýaşaýar, haçan görseň suwuň içinde gezip ýör.Olaryň ýaşaýan ýerlerem ýalpak suwlar (batgalyk) hasaplanýar. Ýöne muňa garamazdan begemot hakykatdan hem ýüzüp bilenok.

Olar kölde ýa-da deňizde suwuň düýbünden ýöräp gidýärler.Birnäçe minutlap suwuň aşagynda demini saklap ýene-de ýöräp kenara gaýdyp gelýärler.Kähalatda suwuň ýüzüne çykyp, ýeliň ugruna akyp, kenara hem dolanýan begemotlaryň bu hereketi bize edil ýüzýän ýaly bolup görünýär.Hem gury ýerde, hem suwda ýaşaýan iň uly süýdemdirijileriň biri bolan begemotyň agramy 1 tonnadan 4,5 tonna çenli ýetýär.

Sagatda 15 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýän begemotlar gündizine suwda dynç alyp, gijesine iýmitlenmek üçin 6 sagat töweregi gury ýere çykýarlar.Olaryň esasy iýmiti gamyş, ownuk baldakly otlar, käbir ösümlikleriň süýji kökleri, miweler bolup, käwagt et hem iýýärler.

Gündelik iýmit mukdary 13-68 kilogram aralygynda bolup, iýmiti çeýnemän, agzynda saklap ýumşadýarlar we ýuwudýarlar.Olaryň ösen ys alşy we eşidiş ukyby bolup, kiçijik gulagy hatda ýere gaçýan miweleriň sesini eşitmäge mümkinçilik berýär.

Gündizine suwda ýaşamagynyň esasy sebäpleri: iýen iýmitini siňdirmek we Gün şöhlesinden goranmakdyr.Esasy mekany Afrika sebiti bolan begemotlaryň iki görnüşi: uly we kiçi görnüşi bar.Dünýäde pillerden we ak kerklerden soň, iň uly üçünji süýdemdiriji hasaplanýan bu jandarlar ýaşaýan ýerini berk gorap, ýokary gözegçilikde saklaýarlar.

Nätanyş jandarlary öz arasyna eltmeýän begemotlar howply hasaplanýar.

Begemot barada täsin maglumatlar:

Begemotyň kellesi gaty uly bolup, umumy agramynyň 35%-ini düzýär.Olar agzyny 150 derejede açyp bilýärler.Begemotlar günde 16 sagatlap suwuň içinde bolýarlar, şol sebäpli olar derlemeýärler. Şeýle-de olar suwuň içinde uklap hem bilýärler.Begemotlar suwuň aşagynda 5 minut saklanýarlar. 4-5 minut suwuň ýüzüne dem almak üçin çykyp, ýene-de suwuň düýbüne çümýärler.Begemotlar bir gijede azyndan 27 kilogram ot iýýärler.Filippinleriň Manila haýwanat bagynda saklanan begemot 65 ýyl ýaşady.

Begemotlaryň ortaça ömri 40-50 ýyldyr.Dünýä medeniýetinde begemotlara uly üns berilýär.Mysal üçin, belgiýaly meşhur suratkeş Piter Pol Rubensiň Begemot we krokodil awy atly meşhur kartinasy bar.

Begemot multfilmlerde hem dürli keşplerde: Disney-iň Fantasia multfilminde balerinanyň, Madagaskar multfilminde Gloriýanyň, Gýugo we Gippo multfilminde Gýugonyň, Dur, bakaly!multfilminde şäher ýaşaýjysynyň keşbinde görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

“Disney” Ýaponiýada syýahatçylar üçin kaşaň kruiz gämisini gurar
“Fantasia” mýuzikal animasiýa filmi görkezildi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy
Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň eserleri ýaňlandy
Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi