Italýan alymlary halkara bilermenler bilen bilelikde Sisiliýa aýlagynda (Tunis aýlagy) üç sany suwasty wulkany tapandyklaryny mälim etdiler.Italiýanyň Milli okeanografiýa we geofizika institutynyň alymlary Sisiliýa kanalynda täze açyşlaryň edilendigini habar berdiler.
Beýanatda täze tapylan wulkanlaryň ininiň azyndan 6 kilometre ýetýändigi, töweregindäki deňiz basseýniniň beýikliginiň 150 metrdigi bellenildi. Şeýle hem suwuň düýbüniň kartasynyň çykarylýan wagtynda batan gäminiň hem tapylandygy, bu barada Italiýanyň deňizçilik edaralaryna habar berlendigi aýdyldy.
Gadymy gämi Linosa wulkaniki adasy bilen Sisiliýa adasynyň aralygynda bolup, uzynlygy 100 metre, ini 17 metre barabar.Suw ulagynyň 110 metr çuňlukdadygy aýan edildi.