Italiýada ýurduň yklym bölegini suwasty geçelge arkaly Sisiliýa adasy bilen birikdirmek boýunça taslama hödürlendi. Ýurduň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Premýer-ministr Juzeppe Konte bu taslamany tassyklady.
Bellenilişi ýaly, tunnel Messina bogazynyň aşagyndan Sisiliýanyň gündogar ujy bilen Kalabriýa yklym sebitiniň arasynda gurlar.Mundan başga-da, bogazyň iň dar böleginiň ini üç kilometre deňdir.Sisiliýany gadymy döwürlerde-de yklym bilen baglanyşdyrmak isläpdirler. Ýöne ol wagtlar köpri gurmak hakda gürrüň giden eken.
Inženerleriň köp sanly taslamalary döredendigine garamazdan, olaryň hiç birisi amala aşman galypdyr.
Suwasty geçelgäniň taslamasy inžener Jowanni Sakka tarapyndan üç ýyl mundan ozal işlenip düzüldi. Şeýle-de bolsa, soňky wagta çenli hökümet gutarnykly karara gelip bilmedi. Taslamanyň bäş ýylda tamamlanmagyna we 1,5 milliard ýewro sarp edilmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, gurluşygyň ugrundaky ýerasty ýollar, aragatnaşyk we arheologik barlaglar bilen tutuş taslamanyň bahasy 5 milliard dollara deň bolar.
Mundan başga-da, bu meýilnama Italiýadan Palermo çenli ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň dowam etdirilmegini öz içine alýar. Taslama üçin serişdeler, Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýetini goldamak üçin golaýda döredilen ykdysady dikeldiş gaznasyndan geler.