Suw ýetmezçiligi ýazlyk ýeralmalaryň ideg işlerini bökdeýär

Suw ýetmezçiligi ýazlyk ýeralmalaryň ideg işlerini bökdeýär

Kärende ýerlerinde ýeralma ösdürip ýetişdirýän ahally daýhanlaryň ençemesi şu günler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Olar suw üpjünçiligi meseleleri boýunça ýerli häkimiýetlere ýüz tutýarlar, ýöne daýhanlaryň öz seslerini eşitdirmek synanyşyklary henize çenli netije bermedi.

“Ekerançylyk ýerlerimiz suwsuzlykdan ýaňa, gatap barýar. Biz suw zerur diýip, ýerli arçynlyga ýüz tutduk. Olar nasoslar döwüldi, bejermeli’ diýýärler” diýip, ahally daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Olar geçen ýylda hem hut şeýle maksatlar bilen öz aralarynda pul toplandyklaryny aýdýarlar.

“Biz geçen ýyl suw nasoslaryny bejermek üçin, 800 manat pul çöpläp, oba hojalyk enjamlaryny satyn alypdyk. Ýene-de pul ýygnasalar, goşant goşmaga ýagdaý ýok” diýip, daýhan aýdýar we şu günler köp sanly hojalygyň onsuzam güzeran kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýeralma we gant şugundyry ýaly ekinler döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna goşuldy we munuň üçin kärendeçi daýhanlara ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär.

Her ýyl ýurt boýunça takmynan 30 müň gektar meýdana ýeralma ekilip, ýazlyk we güýzlük ýeralmalar ösdürilip ýetişdirilýär. Döwlet tabşyrygyna girýän gök-bakja ekinlerine bölünip berilýän ekerançylyk ýerleriniň umumy meýdany öňki ýyllarda resmi metbugatda 106 müň gektar hökmünde görkezilýärdi.

Ahal welaýatynda ýeralma ösdürip ýetişdirýän daýhanlar özleriniň her ýyl suw üpjünçiligi bilen bagly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Suw nasoslaryny tas her ýyl diýen ýaly özümiz bejerýäris. Oba hojalyk enjamlarynyň ätiýaç şaýlary soňky wagtlarda ýer eýeleriniň üstüne ýüklenýär” diýip, daýhanlar aýdýar.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärende ýerlerde döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar şertnama esasynda döwlet tarapyndan mineral dökünler, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi boýunça käbir ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuk gazanýarlar. Ýöne daýhanlar şeýle şertnamalarda döwlet tarapyndan berilýän wadalaryň kanagatlanarly ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarlar.

Daýhanlar şertnamalaýyn borçnamalara laýyklykda ösdürip ýetişdirýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Suw paýlanyşygyAhal welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýeralmaçy daýhanlar öňki ýyllaryň tejribelerine salgylanyp, daýhan birleşiklerdäki suw nasoslaryny öz çykdajylarynyň hasabyna bejerden halatlarynda hem, suw paýlanyşygynda ilkinjilik bilen ýer eýesi bolan emeldarlaryň ýa-da iri telekeçileriň eýeçiligindäki oba hojalyk ekinleriniň ileri tutulýandygyny aýdýarlar.

“Wezipeli adamlar ýa-da telekeçiler nasosçylara artykmaç pul berip, öz ekerançylyk ýerlerini ilkinji nobatda suw bilen üpjün edýärler. Ýönekeý daýhanlaryň ekerançylyk ýerlerine suw berlende hem, entek ekiniň ýarysyny suwaryp ýetişmänkäň, suw üpjünçiligini kesýärler, ýa-da nasos hatardan çykdy diýip, bahana tapýarlar” diýip, daýhan aýdýar.

“Ýeralmalar ýene-de iki gezek suwsuz galsa, hasyl örän pes bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ahal welaýat häkimliginiň resmi web sahypasyna görä, bu sebitde şu ýyl 9 müň 200 gektar meýdanda ýazlyk ýeralma ekilipdir.

Azatlyk Radiosy daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan üpjünçilik meseleleri boýunça welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi öňden bäri ýiti problemalaryň hatarynda galýar. Dünýäde howanyň üýtgemegi, global maýlama ýaly daşky gurşaw wehimleriniň artmagynyň fonunda, Merkezi Aziýanyň suw üpjünçiligi meselesi, synçylara görä, soňky ýyllarda has möhüm ähmiýete eýe bolup barýar.

Şol bir wagtda, bu ugurda alnyp barylýan sebitleýin tagallalar heniz türkmen daýhanlarynyň ekerançylyk ýerlerinde suw üpjünçiliginiň gowulanmagyna getirmedi.

Türkmenistanda suw akabalarynyň ýakalarynda nasoslar, basyşly suw üpjünçiligi boýunça oba hojalyk tehnikalary oturdylyp ekerançylyk ýerlerine suw çykarylýar. Ýerli metbugatda aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda käbir daýhan hojalyklar azyklyk ekinleriň suwaryş işlerinde ýer suwarmagyň damjalaýyş usulyndan hem peýdalanyp başlapdyrlar. Bu usul, hünärmenlere görä, suwdan tygşytly peýdalanylmagyna ýardam berýär.

Import we eksport maglumatlaryTürkmenistanda soňky ýyllarda ýeralma ekinine onlarça müň gektar ekerançylyk ýerleriniň bölünip berilýändigine garamazdan, bu ýurt daşary ýurtlardan ýeralma satyn almagy dowam etdirýär.

“Türkmenportal” neşiriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda Gazagystandan satyn alýan ýeralmasynyň göwümini ondan öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bäş esse artdyrypdyr. Geçen ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan goňşy Gazagystandan 17 müň 500 tonna ýeralma satyn alypdyr.

OEC Ykdysady obserwatoriýasynyň sanlaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylda daşary ýurtlardan bahasy takmynan 1 million dollara barabar ýeralma import edipdir. Ol bu ugurda, obserwatoriýanyň sanlaryna görä, 213 ýurduň arasynda 149-njy orny eýeläpdir. Şonda türkmenler esasan Gazagystandan, Türkiýeden we Gyrgyzystandan ýeralma satyn alypdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistan daşary ýurtlara-da ýeralma ekport edýär. Bu önüm boýunça eksport ugurlarynyň başyny Birleşen Arap Emirlikleri çekýär.

Ýerlma ekinine ideg işleri hökümet mejlislerinde hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Döwlet mediasyna görä, 7-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda şu günler ýeralma we beýleki bakja ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Bulardan başga-da, türkmen hökümeti ýylyň ilkinji üç aýynda ýurduň oba hojalyk pudagynda maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasynyň 262,9% ýerine ýetirilendigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy
3-nji iýunda weloýöriş mahalynda Aşgabatda haýsy köçeleriň ýapyljakdygy belli boldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşendigi aýdylýar
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Türkmen metbugaty ýurtdan gidýänleri agzaman, tölegli 'iş tapyjylary' wagyz edýär
Prezident bilim resminamalaryny ykrar etmek hakynda buýruga gol çekdi. Diplom ykrar etdirmek agyr mesele bolmagynda galýar