Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy.Bu ýerde Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle-de Altkom we Interbudmontaž kompaniýalarynyň ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragy gurplandyrmak maksady bilen, suwaryşyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ösen tejribelerini ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.