Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Iki günlük çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Garagumderýasuwhojalyk” birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suw hojalyk önümçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdy.
Owganystanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň, Şäher ösdüriş we ýer serişdeler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri bar.
Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ähmiýetli ugrudyr.Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň mejlislerinde beýan eden halkara başlangyçlary suw meselesiniň ähli ugurlary boýunça sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu meseläniň wajyplygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleri bolup durýan derýalaryň ählisiniň diýen ýaly serhetüsti suw bolup durýandygy bilen şertlenendir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ikitaraplaýyn derejede suwdan bilelikde peýdalanmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak üçin anyk çäreleri görýär. Şunda Owganystanyň degişli düzümleri bilen özara hereket etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ýurduň çäklerinde, bilermenleriň baha bermegine görä, Amyderýanyň akymlarynyň 20 göterimine çenlisi emele gelýär we mundan başga-da, Murgap hem-de Tejen derýalary öz gözbaşlaryny alyp gaýdýar.Türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň häzirki mejlisiniň goňşy döwletleriň suw ulgamyna degişli hünärmenleriniň üçünji duşuşygydygyny bellemek gerek.
Duşuşyk Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” diýen sebitleýin maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirildi.