Aşgabatda Oba we suw hojalygy ministrligi suwdan rejeli peýdalanmak babatda milli bilermenleriniň gatnaşmagynda BMGÖM bilen bilelikdäki maksatnamasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň suw hojalgyny durnukly dolandyrmak üçin energiýadan netijeli peýdalanmak we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri“ (2015-2021 ýyllar) taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji netijelrini ara alyp maslahatlaşdylar.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynda synag meýdançalarynyň ikisinde işler alnyp barylýar. Kaka şäherini suw bilen üpjün etmek üçin uzynlygy 20 kilometr bolan ozalky akaba derek Laýyn suw derýajygyndan öz akymyna gelýän turbageçiriji gurulýar; Türkmensuwylymtaslama“ ylmy-barlag institutynyň Gökdepep etrabynda ýerleşýän önümçilik meýdançasynda suwaryşyň damjalalýyn, sepelenýän we keşlere adaty usulda suw goýberilişi ýaly dürli usullary synag edilýär.
Geňeşe gatnaşanlar ýakyn wagta iş meýilnamasyny düzdiler, onda dizel nasos enjamlary elektrik bilen işlemäge geçirilendäki kömek, Merkezi Garagumdaky Böri obasynyň töweregini gowy hilli suw bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyndan peýdalanmak ýaly energiýa tygşytlaýjy çäreler bar.
Taslamanyň hünärmenleri Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky beton turbalar hem-de plitalar öndürýän kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk ederler.Hususan-da, demir-beton plitalarda polat armaturalara derek sintetiki kabel ulanmak, akabalary örtmek üçin plastik ulanmak, şeýle hem suw üpjünçiligi we ýerasty suwlary akdyrmak üçin beton we plastik turbalary öndürmek teklip edildi.